milli goshun logo
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty geçirildi
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty geçirildi
21.05.2024 192 Habarlar

Düýn – 20-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda pagtanyň öndürilýän möçberini artdyrmak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri alnyp barylýar. Gowaça ideg etmekde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda degişli ideg işleri dowam edýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary we beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak işleri tamamlaýjy tapgyrda barýar. Tohumlyk bugdaý hasylyny ýygnap almak, daşamak hem-de talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Ýetişdirilen piläni ýygnamak we döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakynlaşyp gelýän galla oragy möwsüminiň wajyp ähmiýetine ünsi çekdi hem-de oňa gatnaşjak ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek üçin ýokary derejede taýýarlyk görülmegini tabşyrdy.