milli goshun logo
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty geçirildi
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty geçirildi
09.04.2024 393 Habarlar

Düýn – 8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, bu ugurda ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary doly güýjünde işletmek üçin zerur çäreler görülýär. Gögeriş alnan ýerlerde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhümdigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň dowamynda welaýat häkimleri ýurdumyzyň sebitlerinde mukaddes Oraza aýynda gapylaryny jemagata giňden açan täze metjitler üçin döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirip, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.