milli goshun logo
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
07.05.2024 137 Habarlar

Düýn  – 6-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Maslahatyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda 2024-nji ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, kadaly gögeriş almak, hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleri geçirilýär. Bu ugurda ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary, bugdaý daşamakda ulanyljak awtoulaglary hem-de beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ilaty ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek babatda öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam etdirilýär. Pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň pileçi kärendeçileri tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar.

Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň barşynda başga-da birnäçe möhüm meselelere garalyp, hormatly Prezidentimiz olar boýunça degişli çözgütleri kabul etdi we birnäçe resminamalara gol çekdi.