milli goshun logo
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
09.07.2024 190 Habarlar

Düýn – 8-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara, ammarlara daşamak, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek we ýerleri indiki ekiş möwsümine taýýarlamak, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumlaryny taýýar etmek boýunça işler dowam edýär. Döwlete tabşyrylan bugdaý üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek, bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk görmek işleri utgaşykly alnyp barylýar.