milli goshun logo
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
25.06.2024 194 Habarlar

Düýn – 24-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen bagly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Möwsümi guramaçylykly geçirmek, ýygnalan hasyly galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek, talabalaýyk saklamak, tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.