10-njy aprelde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň
25 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan ilkinji halkara ylmy-amaly onlaýn-maslahaty
geçirildi. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen çärä ýurdumyzyň,
Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Bolgariýanyň, Rumyniýanyň we Wýetnamyň görnükli ylmy
işgärleri, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň
professor-mugallymlar düzümi gatnaşdy.
Hususan-da, bu gezekki wideoaragatnaşyk arkaly
geçirilen maslahata ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň,
Tehnologiýalar merkeziniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri, talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Ýaponiýanyň Kanagawa, Hirosaki, Tohoku
uniwersitetleriniň, Bolgariýanyň Angela Kynçew adyndaky Ruse uniwersitetiniň,
Rumyniýanyň Buharest politehniki uniwersitetiniň mugallymlary talyplar üçin
wajyp mowzuklary boýunça çykyşlary guradylar.
Olarda kremniý karbidiniň nano gatlaklaryny
almagyň we ýarym geçiriji elektron gurallaryň önümçiliginiň tehnologiýasy ýaly
häzirki döwrüň, energetikada nano serişdelerini ulanmak, şol sanda gaýtadan
dikeldilýän energiýa çeşmeleri, daşky gurşawy goramak we ekologiýa wezipelerini
çözmek hem-de başga-da köp sanly ugurlar boýunça robot tehnikasyny ulanmagyň
usullary ýaly meseleler beýan edildi.