milli goshun logo
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti
05.07.2024 113 Habarlar

Düýn – 4-nji iýulda Gazagystan Respublikasynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giň düzümdäki sammiti geçirildi. Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem-de «ŞHG+» formatynda guralýan ýokary derejeli duşuşyga türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Munuň özi guramanyň çäginde Bitarap Türkmenistana bildirilýän uly hormatdan nyşandyr.

Sammite gatnaşmak üçin dünýäniň 16 ýurdundan döwlet we hökümet Baştutanlary bir ýere jemlendi. Astana duşuşygynyň jemleri boýunça bilelikdäki resminamalara, şol sanda Jemleýji Beýannama gol çekildi.