milli goshun logo
Sagdyn jemgyýet — gülleýän ýurt
Sagdyn jemgyýet — gülleýän ýurt
14.05.2019 568 Habarlar

13-nji maýda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde ýurdumyzyň BMG-niň üç sany edarasynyň agzalygyna saýlanylmagyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän daşary syýasaty netijesinde ýurdumyz dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine üstünlikli goşulyp, Birleşen Milletler Guramasy ýaly iri gurama öz täsirini artdyrýar. Milletler Bileleşiginiň esasy agentlikleri we ýöriteleşdirilen düzümleri bilen berkeýän gatnaşyklar soňky ýyllarda täze mazmuna eýe boldy uly netijeleri berdi.

Maslahatda şol ugurlarda hormatly Prezidentimiziň toplumlaýyn durmuş syýasatyny amala aşyrmak boýunça toplanan milli tejribä, ony ýaýratmagyň mümkinçiliklerine hem-de ady agzalan edaralaryň agzalygyna saýlanmak bilen baglylykda öňde durýan wezipelere, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň hatyrasyna dünýä giňişliginde geljekki gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine seredildi.

Duşuşyga alymlar, hünärmenler, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň BMG-niň edaralaryna saýlanylmagy döwletiň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, saglygy goraýyş we lukmançylyk-demografiýa özgertmelerini ösdürmekde, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmekde hem-de neşeleriň bikanun ýaýradylmagyna garşy netijeli göreşi guramakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň üstünliklerine dünýä bileleşiginde üns berilýändigine şaýatlyk edýär.