milli goshun logo
Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek babatda wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy
Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek babatda wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy
20.12.2019 698 Habarlar

20-nji dekabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Sagdyn durmuş ýörelgesi — sagdyn nesliň özeni» atly maslahat geçirildi.

Bu çäre ýurdumyzyň Mejlisi, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri, Ylymlar akademiýasy, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy.

Şeýle hem çärä hormatly ýaşulular, professor mugallymlar düzüminiň wekilleri hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

Forumyň maksady ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, fiziki işjeňlik, sagdyn iýmitlenmek, ösüp gelýän nesliň elektron enjamlaryny uzak wagtlap ulanmagynyň ýerine peýdaly ugur hökmünde olaryň boş wagtlaryny köpräk hereket etmegine çekmek, şeýle hem şol serişdeler bilen işlenilende, gigiýena talaplarynyň berjaý edilmegi babatda sazlaşykly çäreleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.