milli goshun logo
Resmi habarlar
22.01.2019 934 Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Orazmämmedow Arslan Baýrammämmedowiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Rahman Pirliýewiç Annaorazow Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Baýramdurdyýew Begenç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Baýrammyrat Myradowiç Gurbanow Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ahal welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary J.Geldymamedowanyň ýaş çaga seretmek döwründäki rugsady bilen baglanyşykly, onuň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary Akgül Şirmuhammedowna Toporowanyň üstüne ýüklenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Wezirow Rahman işde goýberen kemçilikleri üçin, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Täçmämmet Erepow Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Tahyrgylyç Mämmedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Halatberdi Ýazberdiýewiç Allaberdiýew Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Saparow Ýazly Gaýlyýewiç işde goýberen kemçilikleri üçin, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Sapargeldi Narbaýewiç Orunbaýew Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbangül Kakalyýewna Ataýewa başga işe geçmegi sebäpli, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Maýagul Annamyradowna Nurmyradowa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Maral Rejepmyradowna Durdyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň orunbasary Döwletmyrat Baýmyradowiç Gulmyradowyň üstüne ýüklenildi.