milli goshun logo
Pudaklaýyn halkara sergi we maslahat
Pudaklaýyn halkara sergi we maslahat
30.08.2019 420 Habarlar

29-njy awgustda Söwda-senagat edarasynda «Türkmengurluşyk — 2019» atly halkara sergi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahat açyldy. Bu çäre ýurdumyzyň hem-de Russiýa Federasiýasyndan, Fransiýadan, Germaniýadan, Awstriýadan, HHR-den, Türkiýeden, Ukrainadan, Gresiýadan we beýleki ýurtlardan bu pudakda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň, edaralaryň we kärhanalaryň wekillerini, telekeçileri we işewürleri bir ýere jemledi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça her ýyl geçirilýän bu çäreleriň esasy wezipeleri gurluşyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, häzirki zaman tehnologiýalaryny, geljegi uly taslamalary görkezmekden hem-de özara tejribe alyşmakdan, türkmen we daşary ýurt hünärmenleriniň arasynda täze işewür gatnaşyklary ýola goýmakdan ybaratdyr.

Bu ýerde görkezilýän ylmy işläp taýýarlamalar, dürli pudaklarda durmuşa geçirilýän innowasion taslamalar Türkmenistanyň serişde tygşytlamagyň we ekologiýa howpsuzlygynyň ýokary görkezijileri bolan tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga maksada okgunly geçýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, «Aşgabat-siti» giň gerimli taslamanyň serginiň esasy üns merkezinde bolandygyny bellemek gerek.

«Türkmengurluşyk — 2019» atly halkara sergi 31-nji awgusta çenli işini dowam eder.