milli goshun logo
Pudagara toparyň mejlisi
Pudagara toparyň mejlisi
07.04.2024 283 Habarlar

Düýn – 6-njy aprelde Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine 2024-nji ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny», «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny», «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny» amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Mejlisiň dowamynda Adalatçynyň diwanynyň gurluşynda işiň täze ugurlaryny açmak bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Çykyşlarda BMG-niň düzüm bölümleri we beýleki abraýly guramalar bilen bilelikde amala aşyrylýan işlerde zähmet gatnaşyklaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda guramaga gönükdirilen toplumlaýyn çärelere aýratyn ähmiýet berildi. Şunuň bilen baglylykda, Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, birnäçe halkara resminamalaryna goşulmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pudagara toparyň mejlisinde başga-da birnäçe beýleki meselelere garaldy.