milli goshun logo
Paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy boldy
Paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy boldy
16.12.2019 1020 Habarlar

15-nji dekabrda «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasy köpöwüşginli yşyklary, ýaşajyk türkmenistanlylaryň belent ruha beslenen Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan aýdymlary, ajaýyp çykyşlary we joşgunly tanslary bilen utgaşyp, Täze, 2020-nji ýylyň ýakynlap gelýändigini äleme aýan etdi.

Bu dabara hemmeleriň söýüp garaşýan baýramçylygyna galan wagtyň azalýandygyny äşgär etdi. Dabarany guraýjylar «Älemiň» öňündäki meýdançany gündogar ertekilerine çalymdaş ýurduň keşbine öwürmek ugrunda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman tagalla etdiler. Munuň özi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleri bilen ruhlanan ýylyň dabaralara gurşalýandygynyň subutnamasyna öwrüldi.

Şu ýyl dabarany guraýjylar çagalar üçin diňe bir dynç alyş däl, eýsem, özboluşly aň-bilim çykyşlaryny taýýarladylar. Baýramçylygyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbaba, Garpamyk, Bilgirje we Mämmetjan sanly ulgamyň kömegi arkaly Watanymyzyň ähli sebitlerinde boldular hem-de ykdysadyýetde, medeniýetde, durmuş ulgamynda ýetilen sepgitler, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns-aladasy netijesinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda bitirilen beýik işler bilen tanyşdylar.