milli goshun logo
Parlamentiň deputatlygyna, wekilçilikli ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlandy
Parlamentiň deputatlygyna, wekilçilikli ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlandy
07.03.2023 243 Habarlar

Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek möwsümi işjeň dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, şu gezekki saýlawlaryň türkmen jemgyýetinde milli demokratik ýörelgeleri mundan beýläk-de berkitmegiň üýtgewsiz şerti bolan giň bäsdeşlik esasynda geçirilmegi baş maksat bolup durýar.

Şu günler ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, ähli ýerlerde saýlawlara taýýarlyk çäreleri dowam edýär. Onuň barşynda milli parlamentiň deputatlygyna, wekilçilikli ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärler, olaryň ynanylan wekilleri saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler.

Saýlawçylar dalaşgärleriň hünär we guramaçylyk başarnyklary, olaryň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşýarlar. Maksatnamalarda beýan edilýän meýilnamalaryň esasy many-mazmuny Türkmenistanyň ösüşini hem-de abadançylygyny üpjün etmekden, türkmen halkynyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.