milli goshun logo
Parlamentara dialog — parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm ugry
Parlamentara dialog — parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm ugry
17.05.2023 419 Habarlar

16-njy maýda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Mejlisi Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde gurady.

Adamzadyň bagtyýar geljeginiň bähbidine howpsuzlygy, berk we durnukly parahatçylygy üpjün etmek boýunça ählumumy çemeleşmäni ilerletmek, oňa ýardam bermek «Herekete çagyryş — Helsinki+50» başlangyjynyň çäklerinde geçirilýän bu möhüm köptaraplaýyn duşuşygyň esasy maksadydyr.

Ýurdumyzyň täze taryhyndaky şanly seneleriň biri bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda geçirilýän bu foruma gatnaşmak üçin Aşgabada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfelt, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň edarasynyň agzalary, halkara bilermenler, görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgärler, birnäçe ýurtlaryň, şol sanda Awstriýanyň, Italiýanyň, Germaniýanyň, Polşanyň, Şweýsariýanyň we Fransiýanyň, sebitiň ýurtlary bolan Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň parlamentarileri geldiler. Şeýle-de duşuşyga Türkmenistanyň käbir ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň, türkmen we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Geçirilen iş mejlisleriniň ikisinde polýar geosyýasat bilen baglylykda, bitarap giňişligiň ähmiýeti we ÝHHG-niň howandarlygynda umumy maksatlary hem-de wezipeleri ilerletmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň eýeleýän orny ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasdaky netijeli döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup çykyş edýän parlamentara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.