milli goshun logo
Parahatçylyk döredijilik — beýik başlangyçlaryň berkararlygy
Parahatçylyk döredijilik — beýik başlangyçlaryň berkararlygy
17.10.2023 340 Habarlar

Türkmenistan ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamakda täze başlangyçlary öňe sürüp, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, sebit hem-de halkara derejede 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz dünýäniň syýasy, ykdysady, hukuk giňişligine goşulyşmak bilen, tutuş adamzadyň bähbidine özüniň baý döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanýar. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bişkek şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde öňe süren birnäçe möhüm teklipleri hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan dünýä ösüşiniň ýagdaýlaryny we ugurlaryny nazara almak bilen, BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip edýär. Bu başlangyç Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň barşynda beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz bu strategiýanyň möhüm ugurlarynyň üçüsini anyklaşdyryp, olaryň birinjisi hökmünde gapma-garşylyklaryň we howplaryň öňüni almagyň, aradan aýyrmagyň, olary ýüze çykarýan sebäpleri ýok etmegiň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgelerini kesgitledi. Strategiýanyň ikinji ugry syýasy hukuk dereje hökmünde oňyn Bitaraplygyň kuwwatyndan peýdalanmak bilen baglydyr. Munuň özi diplomatik serişdeleriň we usullaryň ähli görnüşlerini ulanmak arkaly jedelleridir gapma-garşylyklary parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmagyň möhüm şerti bolup hyzmat edýär

Üçünjiden, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasynda parahatçylygy üpjün etmegiň kepili hökmünde ynanyşmak dialogynyň medeniýetini dikeltmegiň ähmiýetini nazara almak wajyp hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky çözgütleriniň orny iňňän uludyr.