milli goshun logo
Öwrediji kompýuterler satyn alynar
Öwrediji kompýuterler satyn alynar
22.06.2019 485 Habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin amatly şertleri döretmek we kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2019 — 2020-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara öwrediji kompýuterleri sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine:

Türkmenistanda öndürilen 80 000 sany öwrediji kompýuteri satyn almak, 2019-njy ýylyň 25-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga;

Türkmenistanda öndürilen 73 885 sany öwrediji kompýuteri satyn almak, 2019-njy ýylyň 25-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.