milli goshun logo
Owganystanyň prezidentiniň Türkmenistana iş sapary
Owganystanyň prezidentiniň Türkmenistana iş sapary
20.02.2019 699 Habarlar

Şu gün Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Aşgabat şäherine resmi sapar bilen geldi.

Saparyň çäklerinde 21-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda duşuşyk meýilleşdirilýär. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň liderleri syýasy, söwda-ykdysady, ulag, energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-owgan gatnaşyklarynyň geljekki ösüşi barada pikir alyşarlar. Şeýle-de ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekilmegine garaşylýar.