milli goshun logo
Owganystana ugradylýan elektrik energiýasynyň möhleti bir ýyl uzaldylar
Owganystana ugradylýan elektrik energiýasynyň möhleti bir ýyl uzaldylar
27.06.2019 373 Habarlar

26-njy iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow Energetika ministrligi tarapyndan daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda elektrik energiýasynyň Owganystana iberilýän mukdaryny köpeltmek boýunça maksadalaýyk işler alnyp barylýar. Birnäçe ugur boýunça elektrik energiýasyny ibermek baradaky şertnamalaryň hereket edýän möhletiniň 2019-njy ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanýandygy habar berildi. Goňşy ýurda elektrik energiýasyny mundan beýläk-de eksport etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 16-njy iýunda türkmen wekiliýeti Hyrat şäherine bardy. Saparyň çäklerinde degişli Teswirnama gol çekildi, oňa laýyklykda, elektrik energiýasynyň eksportynyň möhleti 2020-nji ýylyň dekabryna çenli uzaldylar.