milli goshun logo
Okgunly hereket we ylham — abadançylyk ýoly
Okgunly hereket we ylham — abadançylyk ýoly
11.01.2019 1630 Habarlar

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk toplumyna bardy we bu ýerdäki iş otagynda edebi döredijilik bilen meşgullandy.

Ýakynda IIM-niň ýanyndaky Hojalyk müdirliginiň desgalarynda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy, bu ýerde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna 2019-njy ýylyň ilkinji gününde doglan altyn öwüşginli taýçanak sowgat berildi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary bilen geçýän täze ýylyň ilkinji gününde doglan taýçanagy Rowaç diýip atlandyrdy.

Hormatly Arkadagymyz eline galam alyp, türkmen bedewini şeýle wasp etdi:

Rowaç

Rowaçlygy buşlap gelen 
Ýyllaryň salamy Rowaç! 
Göwünleri hoşlap gelen 
Ýollaryň kemaly Rowaç!

Pederleň tagzym-togaby, 
Geçmişiň ertä dowamy, 
Kişňeýşiň — arşyň owazy, 
Kalbymyň senasy, Rowaç!

Säher öwsen ýeller deýin, 
Ýaz açylan güller deýin, 
Joş uran köňüller deýin, 
Sen ylham derýasy, Rowaç!

Ýyldyz syçradyp toýnagyň, 
Beze sen türkmen toýlaryn. 
Menzile ýetir arzuwym, 
Bagtymyň seýrany Rowaç!

Nury-şuglasyň Güneşden, 
Zyýatsyň altyn-kümüşden. 
Serpaýyň ýetsin ýeňişden, 
Döwrümiň döwrany Rowaç!