milli goshun logo
Oba hojalyk önümçiligini sanly elektron dolandyryş merkezleri açyldy
Oba hojalyk önümçiligini sanly elektron dolandyryş merkezleri açyldy
30.03.2019 741 Habarlar

29-njy martda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew oba hojalyk pudagyny özgertmek hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça oba hojalygyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. «John Deere» amerikan kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň edara binasynda, şeýle hem Ahal welaýatynyň Änew şäherinde oba hojalyk önümçiligini sanly elektron dolandyryş merkezleriniň açylandygy habar berildi.

Häzirki wagtda bu kompaniýanyň tehnikalary Ahal welaýatynyň käbir etraplarynda synag edilýär. Olar ekerançylyk meýdanlarynyň gowaça ekiljek ýerlerinde geriş çekmek işlerinde hem-de gowaça ekişinde ulanylýar. Geljekde bu etraplaryň hojalyklarynda gowaça ösdürip ýetişdirmegiň we ýetişdirilen hasyly ýygnamagyň ähli işlerinde ulanylýan tehnikalary sanly elektron usulynda dolandyrmak boýunça synag etmek meýilleşdirilýär.