milli goshun logo
«Nusaý ýollary» HK-sy S.Türkmenbaşy şaýoly bilen A.Nyýazow şaýolunyň çatrygynda ýerasty awtomobil geçelgesi gurar
«Nusaý ýollary» HK-sy S.Türkmenbaşy şaýoly bilen A.Nyýazow şaýolunyň çatrygynda ýerasty awtomobil geçelgesi gurar
11.01.2020 3107 Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly bilen Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň çatrygynda ýerasty awtomobil geçelgesiniň we 4 sany ýerasty pyýada geçelgesiniň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy bilen şertnamany, daşarky eltiji suw we lagym üpjünçiliginiň inžener ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda başlandy. Desgalar 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar ediler.