milli goshun logo
Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bellenilýär
Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bellenilýär
14.12.2023 483 Habarlar

        Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen halkymyzyň her güni toý-baýram, şanly dabara. Ine, şu gün – 14-nji dekabrda hem Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagynda: «Siziň ýadawsyz zähmetiňiziň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagy soňky ýyllarda uly üstünliklere eýe boldy. Pudakda alnyp barylýan öndürijilikli işler esasynda döwletimiz ýangyç çig malynyň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Türkmenistan bu ugurda halkara derejedäki ençeme taslamalara badalga bermek bilen, özüniň uglewodorod serişdeleriniň, ilkinji nobatda, türkmen halkyna, geljek nesillerimize hem-de goňşy döwletleriň halklarynyň bähbitlerine hyzmat etmegini gazanmak babatda öňde uly wezipeleri goýýar» diýen buýsançly jümleler bar.

         Düýn paýtagtymyzyň Berkararlyk etrabynyň çäginde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirligine degişli awtoulaglara ýangyç guýujy täze bekediň ulanmaga berilmegi, «Türkmengaz» konserniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylarynyň Tagtabazar gaz känindäki 29-njy belgili ulanyş-baha beriş guýusyndan, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň burawlaýjylarynyň «Galkynyş» gaz känindäki 312-nji ulanyş guýusyndan tebigy gazyň senagat taýdan ähmiýetli gaz akymyny almaklary Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärleriniň hünär baýramyna özboluşly sowgat boldy.