milli goshun logo
Milli Liderimiziň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
Milli Liderimiziň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
15.05.2024 185 Habarlar

Düýn – 14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Aýano Sato hem gatnaşdy.

Jenap Endo Toşiaki türkmen halkynyň Milli Lideriniň soňky ýyllarda depginli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň giňeldilmegine goşýan uly şahsy goşandyny belledi. Hormatly Arkadagymyz myhmanlary mübärekläp, Ýaponiýanyň wekilleriniň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, hususan-da, parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmaga mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi. Şunda Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparlarynyň işine möhüm orun degişlidir. Bu toparlar kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak, ugurdaş ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak, geňeşmeleri geçirmek üçin netijeli gural bolup durýar.

Pursatdan peýdalanyp, myhman Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi, ähli türkmen halkyny bu şanly sene, şeýle-de ýakynlaşyp gelýän baýram – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.