milli goshun logo
Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» diýen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» diýen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
17.09.2019 622 Habarlar

16-njy sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara Mejlisiň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ylym ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyrylyp, onda döwlet Baştutanymyzyň kitaplary, ylmy monografiýalary, köp jiltli düýpli işleri hem-de häzirki zaman Türkmenistan, häzirki wagtda türkmen topragynda bolup geçýän ägirt uly özgertmeler, şeýle hem nusgawy we häzirki zaman edebiýaty barada gürrüň berýän owadan bezelen beýleki neşirler görkezildi. Sergide milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly täze kitabyna hormatly orun berlipdir.