milli goshun logo
Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitaby milli gymmatlyklary wagyz etmekde täze belentlikdir
Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitaby milli gymmatlyklary wagyz etmekde täze belentlikdir
14.09.2019 6331 Habarlar

13-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen alabaýyna bagyşlanan täze kitabynyň çapdan çykandygyny habar berdi. Döwlet Baştutanymyzyň milli taryhy-medeni gymmatlygyň ýene-de bir ugruny açyp görkezýän nobatdaky eseri ýetip gelýän Garaşsyzlyk güni mynasybetli ildeşlerimize baýramçylyk sowgady boldy.

«Türkmen alabaýy» atly kitap diňe bir dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri bolan meşhur alabaý tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem, alabaýyň medeni gymmatlygyny we özboluşlylygyny açyp görkezýär. Türkmen alabaýy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ahalteke bedewi, haly ýa-da gawun ýaly milli gymmatlyklar bilen bir hatarda durýar. Olar türkmenleriň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky düşünjelerini we garaýyşlaryny beýan edýän çuň manyly keşplere öwrülip, halk medeniýetiniň möhüm gatlagyny emele getirýär.