milli goshun logo
Milli Liderimiziň täze kitaby halkymyzyň ruhubelentliginiň nyşanydyr
Milli Liderimiziň täze kitaby halkymyzyň ruhubelentliginiň nyşanydyr
18.09.2019 380 Habarlar

17-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Oba hojalyk toplumynyň maslahatlar zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» atly täze eseriniň neşir edilmegi mynasybetli tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa hökümet agzalary, obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet tebigy goraghanalaryň, ugurdaş ylmy institutlaryň, ýokary okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenler «Türkmen alabaýy» atly kitabyň ynsanperwerlik ähmiýetini nygtadylar. Onda türkmen halkynyň durmuşynyň mähriban tebigat bilen özara baglanyşygy, durmuş gatnaşyklarynyň çuňňur esaslary beýan edilýär. Bu tohum itiň gadymy döwürlerden bäri çopanlaryň hemrasydygy we süriniň ygtybarly goragçysydygy barada gürrüň edildi.

Tanyşdyrylyş çäresiniň barşynda döwlet Baştutanymyzyň täze eseriniň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, türkmen halkynyň taryhy mirasyna göz ýetirmekde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň ruhubelentligini arşa götermekde aýratyn orny eýeleýändigi nygtaldy.