milli goshun logo
Milli Liderimiziň Rustam Minnihanow bilen duşuşygy
Milli Liderimiziň Rustam Minnihanow bilen duşuşygy
29.04.2024 277 Habarlar

Düýn – 28-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde doganlyk Tatarystan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda alyp barýan işlerini mundan beýläk-de dowam etdirmäge meýillidigini tassyklady.

Häzirki döwürde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli, uzak möhletleýin döwlet maksatnamalary daşky gurşaw bilen sazlaşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, ekologik taýdan arassa ykdysadyýetiň döredilmegine gönükdirilendir. Milli Liderimiziň asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde ýurdumyzda ýaş agaç nahallaryndan we ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän seýilgählerden ybarat gök zolaklaryň çägi yzygiderli giňeldilýär.

Gahryman Arkadagymyz Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli aýdan gutlag sözleri üçin, Rais Rustam Minnihanowa minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän «Gala» medeni-dynç alyş merkezinde RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Raisiniň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan resmi kabul edişlik guraldy.