milli goshun logo
Milli Liderimiziň Miroslaw Ýença bilen duşuşygy
Milli Liderimiziň Miroslaw Ýença bilen duşuşygy
08.07.2024 299 Habarlar

6-njy iýulda Milli Liderimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde ýurdumyza sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekläp, onuň şu gezekki saparynyň Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň öňe sürýän sebit we ählumumy häsiýetli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginde, dürli ulgamlarda bilelikdäki iri taslamalaryň, maksatnamalaryň amala aşyrylmagynda öz beýanyny tapýandygyny aýdyp, şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek Geljegiň sammitinde-de Türkmenistanyň wajyp başlangyçlary öňe sürmegine garaşýandygyny nygtady.