Düýn – 27-nji martda türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen
duşuşygy boldy. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki
ugurlary bilen baglanyşykly meseleler gyzyklanma bildirilip ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyz Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:
Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli
maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasynda ýurdumyzy
senagatlaşdyrmak babatda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyna ünsi çekdi.
Munuň özi koreýaly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny
açýar.
«Hyundai Engineering Co., Ltd»
kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory Hoň Hýon Soň
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen
mümkinçilik hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip,
Gahryman Arkadagymyza Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň
we Türkmen-koreý dostluk toparynyň koreý tarapynyň ýolbaşçysynyň mähirli
salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Koreýaly işewür toparlaryň wekilleri
dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýan Türkmenistanda daşary ýurt
kompaniýalarynyň netijeli işlemegi we bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň
durmuşa geçirilmegi üçin berk binýadyň döredilendigini belläp, durnukly ösüş
ýoly bilen öňe barýan, ägirt uly ykdysady kuwwaty bolan ýurdumyz bilen
hyzmatdaşlyk etmegiň özleri üçin uly hormatdygyny nygtadylar.