milli goshun logo
Milli Liderimiziň Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy
Milli Liderimiziň Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy
05.07.2024 167 Habarlar

Düýn – 4-nji iýulda Astanada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň barşynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, bar bolan mümkinçilikleri we geljek üçin meýilnamalary nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary anyklaşdyryldy. Türkmen-gazak hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, söwda-ykdysady ulgam onuň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, bilelikdäki çäreleri, hususan-da, döredijilik çärelerini guramak tejribesini dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy.