milli goshun logo
Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş sapary
Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş sapary
09.06.2024 234 Habarlar

Düýn – 8-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy baradaky hasabatynda ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilip, onda saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan bir gezeklik lukmançylyk serişdeleriniň, agyz-burun örtükleriniň we beýlekileriň öndürilýändigi hakynda habar berdi.

Mundan başga-da, maslahatyň barşynda degişli ýolbaşçylar gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, edilýän tagallalar barada hasabat berdiler. Gahryman Arkadagymyz öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek babatda degişli düzümler bilen bilelikde sazlaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny belläp, hemmelere üstünlik arzuw etdi.