milli goshun logo
Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş sapary
Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş sapary
27.04.2024 134 Habarlar

 Düýn – 26-njy aprelde irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, döwrebap ahalteke atçylyk athanasyna geldi.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, GFR-iň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob bilen gürrüňdeş boldy hem-de Arkadag şäheriniň futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy.

Milli Liderimiz halkymyzyň hem-de umumadamzat medeniýetiniň gymmatlygyna öwrülen ganatly bedewleriň hormatyna guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob bilen duşuşyp, ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratynyň belende galmagy ugrunda halkara giňişlikde amala aşyrylýan işler boýunça pikir alyşdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerden Arkadag şäheriniň köpugurly stadionyna geldi. Döwrebap stadionda «Arkadag» futbol toparynyň türgenleri türgenleşik geçýärler. Gahryman Arkadagymyz futbolçylaryň umumy ýagdaýy, olaryň maddy üpjünçiligi bilen gyzyklanyp, döwletimiziň türkmen sportunyň mundan beýläk-de ösmegi, şol sanda futbolyň dünýä derejesine çykmagy ugrunda ähli tagallalary etjekdigini belledi hem-de bu toparyň Türkmenistanyň çempionatynda ýeňiş gazanmagynyň ähmiýetli waka öwrülendigini aýtdy. Futbolçylar Arkadag şäherinde göwnejaý ýaşamak, dynç almak, ýokary derejeli türgenleşikleri geçirmek ugrunda ähli zerur mümkinçilikleriň döredilendigini belläp, munuň üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Türgenler türkmen sportunyň abraýynyň belende galmagy ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.