milli goshun logo
Milli Liderimiz welaýatlarda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy
Milli Liderimiz welaýatlarda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy
11.05.2019 826 Habarlar

10-njy maýda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milli Liderimiz wise-premýer Ç.Purçekowa ýüzlenip, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň örän gowşak işleýändigini nygtady. Ministrligiň ýolbaşçysy özüne degişli bolmadyk ähli borçlardan boşadyldy. Häzirki döwürde onuň esasy wezipesi ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň we binagärligiň hiline gözegçilik etmekden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda görülýän çäreleriň üstünde durup geçip, welaýatlarda ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin adamlara mellek ýerleriniň berilýändigini belledi. Bu işleriň alnyp barlyşyna, kimiň nähili gurýandygyna, jaýlaryň gat sanyna we binagärlik ýagdaýynyň nähilidigine bolsa hiç kim gözegçilik etmeýär. Şoňa görä-de, gurluşyk işleri talabalaýyk alnyp barylmaýar, gurluşyk we arassaçylyk kadalary bozulýar. Muňa bolsa hiç kim seretmeýär.

Her welaýatda häkimiň gurluşyk boýunça orunbasary, gurluşyk bölümi bar. Etraplarda hem gurluşyklar üçin jogapkär adamlar bellenen. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, bu ýagdaýy gyssagly seljermegi hem-de işleri düzetmek üçin görlen çäreler barada Ministrler Kabinetiniň indiki mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy.