milli goshun logo
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy we alabaý hakyndaky kitabynyň üstünde işlemegini dowam etdi
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy we alabaý hakyndaky kitabynyň üstünde işlemegini dowam etdi
17.05.2019 687 Habarlar

    16-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynda boldy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy we bedew bilen gezim etdi. Milli Liderimiz toplumyň çäginde täze doglan alabaý tohumyndaky güjükleri synlady we asylly däbe görä olaryň özboluşly aýratynlyklaryny nazarda tutup, köpejiklere at dakdy. Şeýle hem Arkadag Prezidentimiz bu ýerdäki iş otagynda döredijilik bilen meşgullanyp, alabaý hakyndaky täze kitabynyň üstünde işledi. Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerden uzakda bolmadyk künjekde ýerleşýän serhet galasyna bardy.