milli goshun logo
Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri bilen duşuşdy
Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri bilen duşuşdy
27.06.2024 282 Habarlar

Düýn – 26-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler bilen duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina esasynda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işleri amala aşyrýandygyny aýtdy.

Türkiýe goranmak senagaty babatda dünýäde öňdebaryjy döwletleriň hataryna girýär. Köp ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyzyň arasynda harby ulgamda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri türk tarapynyň netijeli tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.