milli goshun logo
Milli Liderimiz Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşýar
Milli Liderimiz Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşýar
03.11.2023 642 Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystana bolan iş saparynyň dowamynda Astanada açylan Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine gatnaşýar.

Gahryman Arkadagymyz sammitde Aşgabadyň Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek baradaky pikirini beýan eder.

Maglumat hökmünde belläp geçsek, 2021-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde goşuldy. Häzirki wagtda türkmen tarapynyň Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşigine girmegi bilen bagly degişli işler geçirilýär.