milli goshun logo
Milli Liderimiz söwda toplumynyň sergisine baryp gördi
Milli Liderimiz söwda toplumynyň sergisine baryp gördi
04.04.2024 409 Habarlar

Düýn – 3-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan sergä baryp gördi.

Sergide söwda toplumynyň düzümleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynyň 210-dan gowragynyň öndürýän ýokary hilli önümleriniň we hyzmatlarynyň dürli görnüşleri öz beýanyny tapýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen, ýurdumyzda sazlaşykly ösüş ýoluna düşen we ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşýan dokma toplumlarynyň ýokary hilli önümleri bilen tanyşdy. Bu ýerde häzirki zaman dokma toplumlarynyň ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleriniň köp görnüşleri görkezilýär. Munuň özi ýurdumyzda hereket edýän dokma toplumlarynyň ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede enjamlaşdyrylandygynyň, olarda ýokary hilli önümleriň öndürilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Soňky ýyllarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda täze tehnologiýalary we ylmy gazanylanlary ornaşdyrmak arkaly ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, köpugurly esasda ösdürmek meselelerine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn kuwwatlanmagyna giň ýol açýar.