milli goshun logo
Milli Liderimiz «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum – 2024» XV halkara ykdysady forumyna gatnaşdy
Milli Liderimiz «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum – 2024» XV halkara ykdysady forumyna gatnaşdy
17.05.2024 110 Habarlar

Düýn – 16-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum – 2024» XV halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy, şeýle hem birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Russiýa bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş-medeni ugurly gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem Russiýa Federasiýasynda yslam maliýe ulgamy düzümleriniň ösdürilmegine ýardam bermek forumyň esasy maksadydyr. Şu ýyl «KazanForuma» 80-den gowrak döwletiň, şol sanda YHG-na agza ýurtlaryň 40-synyň, Russiýanyň sebitleriniň 83-siniň wekilleri gatnaşýarlar. Onuň şygary «Ynanyşmak we hyzmatdaşlyk» bolup durýar.

«Russiýa – Yslam dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň «Russiýa – Yslam dünýäsi: adalatly, köppolýarly dünýä gurluşy we howpsuz ösüş» atly mejlisiniň geçirilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemekde hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde möhüm ädime öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz bu mejlisde çykyş edip, Russiýa we yslam dünýäsi hyzmatdaşlygyň netijeli, özüne çekiji ykdysady hem-de tehnologik nusgasyny görkezmelidigini belledi. Şunuň bilen birlikde, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu forumda Parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň hatyrasyna yslam başlangyjyny işläp taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.

Mejlis tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri birnäçe möhüm ähmiýetli duşuşyklara gatnaşdy.