milli goshun logo
Milli Liderimiz Olimpiýa şäherçesine bardy
Milli Liderimiz Olimpiýa şäherçesine bardy
05.08.2019 349 Habarlar

Dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde welosiped sürdi. Bu ýerde Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew toplumyň ähli desgalaryny degişli derejede saklamak we netijeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz şäherçäniň desgalarynyň işini hemişe gözegçilikde saklamak, olaryň binýadynda ýaryşlary geçirmek hem-de türkmen türgenleriniň türgenleşiklerini guramak üçin ähli şertleriň döredilmegi barada tabşyryk berdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň dürli halkara ýaryşlara taýýarlyk görmegi üçin işi ýola goýlan sport düzüminiň ähmiýetiniň uludygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bouling oýnalýan zala gelip, bu ýerde birnäçe takyk urgulary geçirdi, soňra ýüzülýän howzy gözden geçirdi, Olimpiýa şäherçesiniň sport enjamlary bilen üpjün edilen türgenleşik zalynda bolsa sport maşklaryny ýerine ýetirdi.