milli goshun logo
Milli Liderimiz «Arçman» şypahanasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
Milli Liderimiz «Arçman» şypahanasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
26.08.2024 152 Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenilýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Lukman Arkadagymyz taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Bu ýerde ulanyljak lukmançylyk enjamlarynyň döwrebap bolmalydygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri «Arçman» şypahanasyna saglygyny berkitmek üçin gelýän ildeşlerimiziň sanynyň yzygiderli artýandygy nazara alnanda, täze bejeriş binasynyň gurulmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi we gurluşyk işlerini ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.