milli goshun logo
«Milli goşunyň» basketboldaky üstünligi
«Milli goşunyň» basketboldaky üstünligi
24.04.2019 1701 Sport

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan sport we sagdynlyk syýasatyna oňyn düşünmek bilen deňhatarda dünýä ülňülerine gabat gelýän sport desgalarynda geçirilýän ýaryşlara mynasyp gatnaşmak harby gullukçylarymyz üçinem bahasyna ýetip bolmajak bagtdyr. Ine, şeýle bagta Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň basketbolçylary nobatdaky, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň arasynda geçirilen «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly X sport ýaryşlarynda şaýat boldular. Ýagny, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnaly we web-saýty bilen adybir basketbol ýygyndy topary bu ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, finalda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» toparyny ýeňmegi başardy. Oýunlaryň näderejede gyzgalaňly geçenligini harby gullukçy basketbolçylarymyzyň hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyna aýdýan alkyş sözlerinden hem aňmak bolýar.

Şunlukda, «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly X sport ýaryşlarynyň ýeňijileri – «Milli goşun» basketbol ýygyndy toparynyň basketbolçylaryna Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Olary sylaglara mynasyp gazanan ýeňişleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

«Milli goşun».