Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň şu ýyldaky ikinji sany çapdan
çykdy. Jemgyýetçilik-syýasy, harby-taryhy we ylmy-usulyýet neşir
watandaşlarymyzyň ýaş neslini watançylyk ruhunda terbiýelemegi babatynda hem-de
hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy hem-de ýolbaşçylygynda
geçirilýän harby özgertmeleriň çäklerinde gazanylýan üstünlikleri beýan edýär.
Žurnalyň
nobatdaky sany Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş
dabarasyna bagyşlanan makala bilen açylýar.
Makalada
aýratyn bellenilişi ýaly, şunuň ýaly senagat kärhanasy dünýäde ilkinjileriň
biridir. Bu bolsa innowasiýalar ýoluna düşen ýurdumyzyň öňdebaryjylaryň
hatarynda geljegi uly tehnologiýalary ulanýandygyny nobatdaky gezek görkezýär.
Bu geljekde dünýäniň nebitgaz bazarynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirer.
Neşirde
suratlar bilen bezelen nobatdaky makala ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysynyň 13-nji iýunda Milli goşunymyzyň taýýarlyk we söweşjeň ukybyny
duýdansyz barlamak maksady bilen yglan eden harby-görkezme tälimlerine
bagyşlandy.
Bu reportaž
okyjylary harby tälimleriň has möhüm pursatlary bilen tanyşdyrýar, oňa
gatnaşyjylaryň teswirlemelerini öz içine alýar, şeýle hem goşunlaryň dürli
görnüşleriniň we kysymlarynyň harby gullukçylarynyň dessin we sazlaşykly
hereketlerini fotosuratlar arkaly beýan edýän wakalaryň jümmüşine aralaşmaga
mümkinçilik döredýär.
Žurnalda dünýä
belli ahalteke bedewleriniň taryhyna hem-de «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany»
diýlip yglan edilen ýylda olaryň simwoliki ornuna bagyşlanan makalalar hem
ýerleşdirildi.
Awtor behişdi
bedewleriň muşdagy — milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryna
salgylanyp, türkmen jemgyýetinde ahalteke bedewlerine sarpa goýmagyň däpleri
hakynda pikir ýöredýär.
Neşirde
ýerleşdirilen giňişleýin makala harby žurnalistikanyň taryhyna hem-de onuň
häzirki döwürdäki ösüşine bagyşlandy. Onda bellenilişi ýaly, goranyş häsiýetine
eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Goranmak ministrligi Garaşsyz, Bitarap
döwletimiziň abraýynyň we Milli goşunynyň pugtalandyrylmagyna işjeň ýardam
edýär. Bu işde «Esger» gazeti, «Milli goşun» žurnaly hem-de adybir web-saýt,
«Merdana nesiller» atly telegepleşik ýaly ýurdumyzyň habar beriş serişdeleri
möhüm orun eýeleýär.
Neşiriň
nobatdaky sany alabaý tohumyndan bolan itleriň ähmiýeti barada pikir ýöredýän
makala bilen dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
serhet goşunlarynyň harby bölümine baryp görmegi makalanyň ýazylmagyna sebäp
boldy, şonda döwlet Baştutanymyz harby gullukçylara alabaýyň güjüjeklerini
sowgat berdi.
Okyjylara
Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň hem-de
ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň
uçurymlary hakynda makalalar hem hödürlendi.
Giň
dünýägaraýyşly, hünärli serkerdeler bolmak bilen, olar Milli goşunymyzyň
hatarlaryny artdyryp, edermen ata-babalarymyzyň harby däplerini mynasyp dowam
ederler hem-de Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň goranyş ukybynyň berkidilmegine
mynasyp goşantlaryny goşarlar.
Žurnalyň içki
sahypasyny Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy hem-de Türkmenistanyň bu halkara
guramada eýeleýän orny bilen okyjylary tanyşdyrýan infografika bezeýär.
Neşirde
ýerleşdirilen makalalaryň biri ýurdumyzda giňden bellenilýän Ýeňiş baýramyna
bagyşlanýar. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Beýik
Watançylyk urşy ýyllaryny beýan edýän «Döwlet guşy» atly romany barada gürrüň
berilýär.
Žurnalyň
nobatdaky sany çagyryş boýunça iki ýyllyk gullugyň çäklerinde harby
gullukçylaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçlerinde döredilen mümkinçilikler barada gürrüň berýän makala bilen dowam
edýär.
Nobatdaky
makalalar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda Milli goşunymyzyň
ornuny şöhlelendirýär. Şolarda harby tehnikalara özbaşdak hyzmat edýän, olar
üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, akkumulýatorlary, plastmassadan dürli önümleri
öndürýän, harby lybaslary taýýarlaýan, maldarçylyk fermalaryny saklaýan hem-de
dürli ýokumly önümleri öndürýän Goranmak ministrliginiň kärhanalarynyň
üstünlikleri barada gürrüň berilýär.
Milli
ykdysadyýetimiziň berkidilmegine Territorial-goranyş goşunlary hem mynasyp
goşant goşýar, olaryň harby gullukçylary ýurdumyzyň möhüm senagat desgalarynyň
goragynda durýar.
Žurnalda
bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
gatnaşmagynda soňky döwürde dabaraly ýagdaýda açylan innowasion kärhanalaryň
goragyny Watanymyzyň edermen esgerleri üpjün edýär. Olar asylly maksada gulluk
etmek bilen, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant
goşýarlar.
Neşirde Myrat
Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
harby-lukmançylyk fakultetiniň üstünlikli işleri hakynda gürrüň berýän makala
çap edildi. Bu ýokary okuw mekdebi bejeriş-öňüni alyş işi we
sanitariýa-epidemiologiýa işi hünärleri boýunça harby lukmanlary taýýarlaýar.
Žurnala
halkara ynsanperwer hukugyna hem-de döwletara gatnaşyklaryň ösüşine bagyşlanan
ylmy makala, şu asylly hünäri näme üçin saýlap alandygy baradaky sowala jogap
beren harby gullukçylaryň söhbetdeşlikleri, şeýle-de, harby tehnologiýalary
dünýäsinden gyzykly täzelikler hem girizildi.
Žurnalyň
tapawutly aýratynlygy — ýokary hilli fotosuratlar we infografika bolup, olar
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen goşunynyň okgunly ösüşi barada gürrüň
berýän baý mazmunly makalalar bilen utgaşdyryldy.
Okyjylaryň giň topary üçin niýetlenen «Milli goşun» žurnaly üç aýda bir gezek türkmen dilinde çykýar.
«Milli goşun».