milli goshun logo
Milletiň mertebe sütüni
Milletiň mertebe sütüni
18.05.2024 218 Habarlar

Ýaşyl Tugumyz – milletimiziň mertebesi. Onuň pasyrdaýşyna her säherde gözi düşen türkmeniň göwni al-asmanda ganatlanýar. Ol ýüreklerde ýagşylyk umydyny oýarýar. Baýdagyň öňünde mertlik kasamy içilipdir. Watan goragçylary milli Tugumyzyň öňünde kasam edip, Watany janyndan hem eý görüp, öz watançylyk borçlaryny berjaý edýärler. Ata Watanymyzyň mukaddes Tugy halkymyzyň asyrlarboýy arzuw eden beýik Garaşsyzlygynyň datly miwesidir.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, türkmeniň gerçek goç ýigitleri ýyndam bedewlerini segredip, bütin dünýäni okkesdirme geçipdirler. Baýdagyna, il-gününe wepalylygy, birsözlüliligi, namysjaňlygy bilen dünýä taryhyna adyny ýazypdyrlar. Her bir atly goşunda baýdak göteriji bolmak mertebe saýylypdyr. Mert, dogumly, batyr, güýçli, garadangaýtmaz ýigitler türkmen baýdagyny al-asmanda parlatmaga mynasyp görlüpdir. Mundan başga-da, iň söweşjeň, batyr ýigitlerden onlarçasyny baýdagy goramak üçin töwereginde goýupdyrlar. Hakyky watançy ýigitler Baýdak üçin başlaryny orta goýupdyrlar. «Ser bererin, ýer bermerin» diýip, mukaddes topragyny jan-tenden söýüpdirler. Watanyň bir daban ýeri, bir gysym topragy üçin şirin janlaryny gurban edipdirler.

Ata-babalarymyz ata Watana söýgüsini Baýdaga siňdiripdirler. Biziň günlerimize gelip ýeten bu asylly ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mynasyp dowam etdirilýär. Ussat türkmen türgenleri, ylym-bilime ymykly baş goşan ýaşlar dünýä ýüzünde ýaşyl Baýdagymyzy pasyrdadyp, halkymyzyň adyny şöhrata besleýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her binanyň, öýüň depesinde şanly ösüşlere ruhlandyryjy ýaşyl Baýdagymyz belentden parlaýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy agzybirligiň, rahatlygyň, asudalygyň baýdagydyr. Şunuň özi halkymyz üçin beýik mertebe, uly şan-şöhrat, elýetmez bagtdyr. Ol ýeňişleriň we toýlaryň baýdagydyr.

Ýaşyl Baýdagymyzyň toýy – Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban halkymyz bilen barýan rowaçlyklaryna beslenen toýudyr. Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ýaşyl Tugy asuda asmanymyzda baky parlasyn!

Baýramyňyz gutly bolsun, eziz ildeşler!