milli goshun logo
Mergenleriň ukyp-başarnygy kämilleşdirilýär
Mergenleriň ukyp-başarnygy kämilleşdirilýär
19.01.2019 1851 Harby Bilim

2019-njy ýylyň meýilnamasy boýunça, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Ýörite maksatly toparlarynyň hünär derejelerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen «Kelete» okuw merkezinde şu aýyň 7-19-y aralygynda geçirilen harby gullukçy mergenleriň taýýarlygy boýunça okuw-usulyýet ýygnanyşygy öz işini tamamlady. Bu okuw-usulyýet ýygnanşygynyň üsti bilen harby mergenler öz ussatlyklaryny we tejribelerini artdyrdylar. Olar hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallalary netijesinde, Ýaragly Güýçlerimize alnyp berlen täze mergenlik tüpeňleriniň niýetlenilişini we häsiýetnamasyny, şeýle-de özlerini nikaplamagy we onuň lybaslaryny taýýarlamagy öwrenip, mergenligiň inçe tilsimlerini özleşdirdiler. Bulardan başga-da okuw-usulyýet ýygnanyşygynda dürli aralyklardan atyş sapaklaryny geçmek, bellenen nyşanalary ýok etmek, ýekebara we jübütleýin atyş taýýarlyklary yzygiderli amala aşyryldy.

Geçirilen bu sapaklar Ýaragly Güýçlerimiziň mergenleriniň has-da kämilleşmegine getirer. Okuw-usulyýet ýygnanşygynyň ahyrynda bolsa harby mergenlere degişli hünär resminamalary berildi.

«Milli goşun».