milli goshun logo
Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek işi tamamlandy
Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek işi tamamlandy
25.02.2023 322 Habarlar

24-nji fewralda ýurdumyzda Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna saýlaw möwsüminiň çäklerindäki dalaşgärleri hödürlemek işi tamamlandy. Häzirki wagtda dalaşgärleri bellige almak işleri dowam edýär, ýakyn günlerde bolsa olaryň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlanar.

28-nji fewralda degişli saýlaw toparlarynda bellige almak işi tamamlanandan soňra, dalaşgärleriň sanawy metbugatda çap ediler. Soňra ähli dalaşgärlere we olaryň ynanylan adamlaryna wagyz-nesihat işlerini, saýlawçylary bilen duşuşyklary geçirmek, şol sanda saýlawlaryň öňüsyrasyndaky ýygnaklarda, maslahatlarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň mümkinçilikler dörediler.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetinden, Türki Döwletleriň Guramasyndan wekiller saýlawlara synçy hökmünde gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasyndan, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosyndan, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden wekilleriň gelmegine garaşylýar.