milli goshun logo
Maryda türkmen-eýran amaly-haşam we mozaika sungatynyň sergisi açyldy
Maryda türkmen-eýran amaly-haşam we mozaika sungatynyň sergisi açyldy
14.12.2023 327 Habarlar

Şu gün – 14-nji dekabrda Mary welaýatynda Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungatynyň bilelikdäki sergisi öz işine başlady. Bilelikdäki serginiň açylyş dabarasy Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirildi. Şu mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, ugurdaş edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçiligiň wekilleri, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri ýygnandylar.

Sergä gelenler bu ýerde köpugurly öwüşginde görkezilýän amaly-haşam sungatynyň, keramika, heýkeltaraşlyk, şekillendiriş sungatynyň we halk senetçiliginiň ussatlarynyň eserleri, şol sanda haly, keçe, kilim önümleri, milli lybaslar, saz gurallary, türkmen halkynyň durmuşda ulanýan beýleki esbaplary bilen tanyşdylar.

Çäräniň çäklerinde Eýranyň belli ussatlarynyň mozaika sungaty boýunça ussatlyk sapagy guraldy. Olar mozaika eserlerini taýýarlamagyň esaslary bilen sergä gatnaşyjylary tanyşdyryp, onuň eýran medeniýetinde eýeleýän orny barada gürrüň berdiler.

Bilelikdäki sergi ertir öz işini dowam eder.