milli goshun logo
Mary welaýaty pagta taýýarlamak baradaky borçnamasyny ýerine ýetirdi
Mary welaýaty pagta taýýarlamak baradaky borçnamasyny ýerine ýetirdi
06.11.2019 656 Habarlar

5-nji noýabrda bu ýerde sebitiň pagtaçylarynyň şöhratly zähmet ýeňşi mynasybetli dabara geçirildi. Olar ilkinjileriň hatarynda pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri barada hasabat berdiler. Welaýatyň pagtaçy kärendeçileri döwlete 313 müň tonnadan gowrak «ak altyn» tabşyrdylar.

Mary welaýatynyň pagta meýdanlarynda ýygym möwsümi başdan ýokary depgine eýe boldy. Oňa gatnaşanlar ýetişdirilen bereketli hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli güýçlerini sarp edip, zähmet çekdiler. Gowaçanyň ýapragyny düşürmek işiniň has oňaýly agrotehniki möhletde geçirilmegi, gymmatly çig malyň mehanizmler arkaly netijeli ýygnalyp alynmagyny üpjün etdi. Bu işlerde ýokary öndürijilikli pagta ýygyjy kombaýnlary işledildi.

Şu ýyl Ýolöten, Tagtabazar we Türkmengala etraplarynyň ekerançylary möwsümiň öňdebaryjylary boldular. Soňra welaýatyň beýleki hojalyklarynyň pagtaçylary ýeňişli tapgyry dowam etdiler.