milli goshun logo
Mary şäherinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary boldy
Mary şäherinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary boldy
12.12.2019 1087 Habarlar

11-nji dekabrda Mary şäheriniň ýaşaýjylary baýramçylyga ajaýyp sowgat aldylar. Welaýatyň dolandyryş merkezinde Aga Hanjaýew köçesiniň ugrundaky binalar toplumynyň üstüni dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada üçüsi ýetirdi.

Olar Mary şäher jemagat abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň işçileri tarapyndan bina edildi. Paýly gurluşyk esasynda gurlan ýaşaýyş jaýlaryň her birinde 2, 3 we 4 otagly öýleriň 60-sy bolup, olaryň giň eýwanlary we otaglary bar.

Jaýlaryň daşarky binagärlik keşbi içerki gurluşyň amatlylygy bilen utgaşýar. Ýagty otaglar, oňat timarlaýyş işleri, giň aşhana – bularyň hemmesi täze jaý eýeleriniň göwnünden turdy.