milli goshun logo
Manadyň gymmaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegini üpjün edýär
Manadyň gymmaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegini üpjün edýär
02.11.2019 459 Habarlar

1-nji noýabrda paýtagtymyzda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 26 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, ykdysady topluma girýän ministrlikleriň hem-de edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplary, ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň pul dolanyşygynyň taryhy, bank ulgamynyň ösüşi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimizi berkitmäge gönükdirilen maliýe syýasatynyň orny, ykdysady ösüşiň şertleri bolup durýan banklaryň takyk statistikasy hem-de karzlaşdyrma işi, degişli kanunçylygy kämilleşdirmek, abraýly sebit we halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy berkitmek çykyşlaryň özenini düzdi.

Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, onda döwlet Baştutanymyzy geljekde hem bir bitewi döwlet pul-karz syýasatyny amala aşyrmak, bank ulgamyny kämilleşdirmek we ony täze sepgitlere çykarmak boýunça öz öňlerinde goýlan möhüm wezipeleri netijeli çözmek üçin tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Maslahatyň çäginde guralan sergi pul nyşanlarynyň nusgalary, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan çykarylan ýubileý hem-de ýadygärlik şaýy pullarynyň toplumlary, milli baýlygymyzyň bölegine öwrülen altyndan we kümüşden ýasalan zergärçilik sungatynyň önümleri, ýurdumyzyň pulşynaslygynyň taryhy hakynda neşirler bilen tanyşdyrdy.